DÜNÝÄ

Putin Aliýewi GDA-nyň sammitine çagyrdy

Azerbaýjanda döwlet saparynda bolan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň düzümine girýän döwletleriň Baştutanlarynyň mejlisine çagyrdy.

Bu barada Wladimir Putin Bakuda geçirilen rus-azerbaýjan gepleşikleriniň jemleri boýunça geçirilen metbugat ýygnagynda belläp geçdi.

– Russiýa we Azerbaýjan möhüm köptaraplaýyn meýdançalarda, şol san-da BMG we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrýar. Oktýabr aýynda Ilham Geýdarowiçi Mowksa şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň düzümine girýän döwletleriň Baştutanlarynyň mejlisinde görmekden hoşal bolarys. Şeýle hem oktýabr aýynda Kazna şäherinde BRIKS sammitiniň çäklerindäki duşuşyga hem gatnaşmaga çagyrýarys – diýip Wladimir Putin billedi.

Related posts

Efiopiýa ertir 2014-nji ýyla girer

Gilbert Houngbo: emeli intellekt işçi güýjüniň azalmagyna sebäp bolmaz

Prezident Ärdogan koronawirus ýokanjy bilen keselledi

Ata Watan Eserleri