DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň 6-njy Konsultatiw duşuşygy Astanada geçiriler

Merkezi Aziýa ýurtlary özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanan hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmagy maksat edinýärler. Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň 6-njy Konsultatiw duşuşygy geçiriler.

Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Gazak Lideri Kasym-Jomart Tokaýewiň awgust aýynyň ilkinji on gününde iş meýilnamasyny beýan edildi.

Şoňa laýyklykda, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýewiň 7-8-nji awgustda Gazagystana döwlet saparyny amala aşyrakdygy we 9-njy awgustda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň 6-njy Konsultatiw duşuşygynyň geçiriljekdigi mälim edildi.

Bu möhüm dyuşuşyklarda döwlet ýolbaşçylarynyň hyzmatdaşlygyň häzirki ugurlaryny, esasanam logistika, söwda, daşky gurşaw, energetika we howpsuzlyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Related posts

Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

“Bagy-bossan Watanym!” atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistan terrorçylyk boýunça ýokary derejeli maslahata gatnaşýar