BIZNES

Watan harmanyna 2100 tonnadan gowrak pile tabşyryldy

7-nji iýunda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň geçen bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda wise-premýer ýurdumyzyň ýüpekçileriniň pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy. Bellenilişi ýaly, döwletimiziň ýakyndan goldaw bermegi esasynda ýurdumyzyň zähmetsöýer pileçileri Watan harmanyna bol pile hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.

Hormatly Prezidentimiz hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, ýurdumyzyň zähmetsöýer pileçilerini Watan harmanyna 2100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, şu ýylky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri bilen tüýs ýürekden gutlady.

Related posts

Türkmenistan bilen Singapur söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirer

“Tesla”-nyň 50 milliard dollarlyk ýitgisi

Ata Watan Eserleri

Hytaý we Merkezi Aziýa “ýaşyl” tehnologiýa boýunça hyzmatdaşlyk eder