JEMGYÝET

Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygyna käýinç yglan edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, tabynlygyndaky düzümlere gözegçiligi gowşadyp, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerine ýetirilen ýol gurluşyk işlerinde kemçiliklere ýol berendigi üçin, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygy Ýolamanow Serdargeldi Gurbangeldiýewiçe käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, etrabyň çäginde alnyp barylýan arassaçylyk, abadanlaşdyryş hem-de ýol abatlaýyş işlerinde kemçiliklere ýol berip, özüne ynanylan wezipäni talabalaýyk ýerine ýetirmeýändigi üçin, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň häkimi Gyşykow Agageldi Meretdurdyýewiçe käýinç yglan edildi.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti 2024-nji ýylda geçiriljek çäreleriniň sanawyny tassyklady

Hindi gyzynyň saçy 2 metr

vepa

Sosyal medyada dünyaca etkin isim Gilmore “Atavatan Türkmenistan” okuyor

vepa