BIZNES

Eýranyň önümleriniň Täze ýyl baýramçylyk söwda festiwaly geçirilýär

2023-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Bajgiran şäherinde ýörite Täze ýyl baýramyna degişli harytlaryň we Eýranyň ortaça kompaniýalarynyň öndürýän önümleriniň birinji söwda-satuw festiwaly açyldy. Bu barada Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

2023-nji ýylyň 29-njy dekabryna çenli dowam etjek bu festiwalda azyk önümleriniň dürly görnüşleri, şol sanda guradylan miwe-maňyz önümleri, konditer önümleri, sowgatlyk amaly-haşam işleri, aýakgap, egin-eşikler alyjylara hödürlenilýär.

Şeýle hem, tejribeli lukmanlar festiwalyň geçirilýän ýerinde isleg bildirýänlere deslapky barlag-anyklaýyş we lukmançylyk bejeriş hhtzmatlaryny amala aşyrýarlar.

Türkmenistanyň raýatlary, şol sanda işewürler we firma ýolbaşçylary bu festiwaly görmek bilen eýranly önüm öndürijilerdir işewürler bilen gönüden-göni gepleşikleri geçirip, söwda gatnaşyklaryny ýola goýup bilerler.

Related posts

Türkmenistanda oba hojalyk boýunça ýöriteleşdirilen “EKSPO” halkara sergisini guramak meýilleşdirilýär

«Dokma» onlaýn söwda meýdançasy önümleriň giň görnüşlerine elýeterliligi artdyrýar

Döwlet býujeti: çykdajylaryň 75 göterim durmuş ulgamyna gönükdiriler