JEMGYÝET

Raşid Meredow bilen Hakan Fidan telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm mowzuklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda iň ýokary döwlet derejesinde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary syýasy edaralarynyň baştutanlary yzygiderli syýasy dialogy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Related posts

Premýer-ministr Şehbaz Şarif: TOPH gaz geçirijisi çaltlandyrylar

Arabuluculuk krizlerin aşılmasında doğru araç

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy