DÜNÝÄ

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň mejlisi Gyrgyzystanda geçiriler

13-nji oktýabrda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň başlyklyk etmeginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň düzümine görýän döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçiriler. Bu barada Gyrgyzystanyň Prezidentiniň administrasiýasynyň daşary syýasat bölüminiň başlygy Muratbek Azymbakiýew habar berdi.

– Öňde boljak ýokary derejedäki duşuşykda gurama agza döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen möhüm çözgütler kabul ediler – diýlip bellenildi.

GDA-nyň sammitine gurama agza döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Üstümizdäki ýylda Gyrgyz Respublikasy GDA-nyň başlyklygyny amala aşyrdy.

12-nji oktýabrda bolsa, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň düzümine görýän döwletleriň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçiriler.

Related posts

Galp nusgasyny öndürip bolmaz

vepa

Magtymgulynyň goşgulary ukrain dilinde

Fransiýada 12 dalaşgärli prezident saýlawlary

Ata Watan Eserleri