JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy

Wengriýada iş saparynda bolýan we ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynyň hormatly myhmany bolan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Bu barada Tatarystanyň Baştutanynyň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň wekilçilikli toparlarynyň öňde boljak saparlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow hem Budapeşt şäherinde iş saparynda bolup, ol Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban, Bosniýa we Gersegowinanyň Prezidenti Milorad Dodik bilen duşuşdy.

Related posts

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi öz işine başlady

Türkmenistanyň we Hytaýyň gaznalarynyň arasynda Ähtnama gol çekildi

Türkmenistanda täze baş prokuror wezipä bellendi

Ata Watan Eserleri