SPORT

“Leipsig” Germaniýanyň Superkubogyny gazandy

Germaniýanyň Superkubogyny gazanmak ugrundaky duşuşykda geçen ýylyň çempiony “Bawariýa” topary bilen “Leipsig” topary duşuşdy. Marko Rozeniň tälimçiligindäki “Leipsig” topary garşydaşyny 3:0 hasabynda utdy.

Şeýlelikde, “Leýpsig” topary ilkinji gezek Germaniýanyň Superkubogyny gazandy. 14 ýyl mundan ozal döredilen topar üçin bu 3-nji arzyly kubogy boldy.

Mundan ozal, bu topar 2 gezek Germaniýanyň kubogyny gazanypdy.

Öz gezeginde Germaniýanyň ägirdi “Bawariýa” topary soňky 4 ýylda ilkinji gezek Germaniýanyň Superkubogy duşuşygynda ýeňlişe sezewar boldy.

“Bawariýa” toparynyň düzümine täze goşan iňlis hüjümçisi Harri Keýn hem bu duşuşykda oýnady.

Related posts

Diego Kosta Angliýa dolanyp geldi

Katar-2022: 23-nji noýabrdaky duşuşyklar

Maradonanyň hatyrasyna duşuşyk geçiriler

Leave a Comment