DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Kamboja Patyşalygynda täze bellenen ilçisi wezipesine girişýär

Türkmenistanyň Kamboja Patyşalygynda täze bellenen ilçisi M.Maşalow (oturýan ýeri Kuala-Lumpur şäheri) Kambojanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň protokol müdirliginiň başlygy Ouk Fianga ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Protokol müdirliginiň ýolbaşçysy ilçini wezipä bellenmegi mynasybetli gutlamak bilen, oňa täze işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Kamboja Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Ilçi öz gezeginde, Türkmenistanyň we Kambojanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda tagalla etjekdigine ynandyrdy.

Related posts

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy köpçülikleýin welosiped ýörişini gurady

Türkmen wekiliýeti Ispaniýa Patyşalygynyň Madrid şäherinde

vepa

Lýuksemburgda jemgyýetçilik ulaglary mugt

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment