JEMGYÝET

Aşgabat sammiti: energetika pudagynda hyzmatdaşlyk ösdüriler

Şu gün paýtagtymyzda birinji üçtaraplaýyn Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçirildi. Şeýle görnüşdäki ýokary derejeli ilkinji duşuşygyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

Şol beýannamada bellenilip geçilişi ýaly, taraplar energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belläp, tebigy gazy, nebiti we nebit önümlerini, şeýle hem elektrik energiýasyny ibermek babatda hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýetini nygtadylar.

Şunuň bilen baglylykda, Taraplar energetika babatda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine daýanyp, nebitgaz hem-de elektrik energetikasy pudaklarynda bilelikde işlemegiň mümkinçiligine seretmek maksady bilen, 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda energetika pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde gepleşikleri geçirmek barada ylalaşdylar.

Şeýle hem bu sammitiň jemlerine bagyşlanan metbugat maslahatynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň tebigy gazyň öndürilişini goşmaça 60 milliard kubmetr artdyrjakdygyny belläp, “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň 3-nji we 4-nji tapgyrlaryny durmuşa geçirmek üçin giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan tebigy gazyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak bilen, ilkinji nobatda goňşy ýurtlara “mawy ýangyjy” ibermek mümkinçiligine seretmäge taýýardyklaryny belledi.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Liderini doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenıstanyň wekiliýeti Nýu-Ýork Şäherine iş Sapary Başlady

vepa

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Leave a Comment