DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Pakistanyň Daşary işler ministrligindäki agzaçara gatnaşdy

Pakistanyň daşary işler ministri Bilawal Bhutto Zardariniň çakylygy boýunça Yslamabatdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Pakistanyň Daşary işler ministrliginde iftar agşamlyk nahary berildi.

Päkistanyň Daşary işler ministri öz çykyşynda dinler arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň möhümdigini belledi. Halkara jemgyýetçiliginiň howanyň üýtgemegi, COVID, häzirki zaman dünýäsiniň ykdysady we geosyýasy kynçylyklaryny ýeňip geçmek üçin bilelikde işlemelidiginiň zerurdygyny nygtady.

Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow bu çärede çykyş edip, şu ýyl 2023-nji ýylyň BMG Baş Assambleýasy tarapyndan Parahatçylygyň kepili hökmünde Dialogyň Halkara ýyly hökmünde yglan edilendigini belledi. Şeýle hem, ministr Bilawal Bhutto Zardarini we ähli pakistan halkyny Pakistanyň söwdasyny we ykdysadyýetini ösdürmek üçin möhüm oňyn ädim bolan Ýewropa Bileleşiginiň Pakistany “Ýokary töwekgelçilikli üçünji ýurtlar” sanawyndan aýyrandygy baradaky habar bilen gutlady.

Çäre dabaraly ýagdaýda geçirildi.

Related posts

Russiýada Magtymguly Pyraga bagyşlanan konsert geçiriler

Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Eýrana sapary

“Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy”: analitiki merkezleriniň forumy dörediler

Leave a Comment