DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Berliniň Tebigy taryhy muzeýiniň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýuldy

2023-nji ýylyň 15-nji martynda diplomatik ýollar arkaly Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Tebigy taryhy muzeýiniň – Leýbnis adyndaky ewolýusiýa we biodürlüligi institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Ähtnamanyň çäklerinde taraplar bilelikdäki işläp taýýarlamalary, aýratyn-da biologiýa, paleontologiýa we Ýer şary hakyndaky ylymlar boýunça, Türkmenistanda bilelikdäki gözleg-ylmy işleri, meýdan işlerini we ekspedisiýalary meýilleşdirmek we ýerine ýetirmek ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk alyp bararlar.

Berliniň Tebigy taryhy muzeýi 1810-njy ýylda döredildi, muzeýde on müňden gowrak görnüşli nusgalary 30 milliondan gowrak zoologiki, paleontologiki we mineralogiki nusgalar bar.

Related posts

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Rumyniýanyň metbugatyna Arkadag şäheri tanyşdyryldy

Pandemiýa Döwründe we Gyzgyn Howada Saglygy Goramak

Leave a Comment