JEMGYÝET

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, we Türkiýäniň arasynda döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn Sammiti geçiriler. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda bu Sammit «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.  Sammit 2022-nji ýylyň 13-14-nji dekabrynda ýokary derejede gurnalar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna  laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligine Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde 2022-nji ýylyň 13-14-nji dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň  döwlet Baştutanynlarynyň üçtaraplaýyn Sammitiniň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, we Türkiýäniň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk  we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy  mundan beýläk-de ösdürmek hem-de hemmetaraplaýyn berkitmek  maksady bilen döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn Sammitini ýokary derejede gurnalar.

Related posts

Magtymguly Pyragynyň ermeni diline terjime edilen goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy

“Intellektual Umyt” gepleşigi: Dr. Kakajan Kömürow

Ata Watan Eserleri

Cumhurbaşkanlığı Seçimlerini çok sayıda yabancı basın takip etti

vepa

Leave a Comment