SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýaponiýaly işewürler : “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bilen gyzyklanýar

Ýaponiýanyň işewür düzümleriniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň çägini giňeltmek we bu künjegi ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýär.   Bu barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde  geçiren maslahatynda belläp geçdi.

Maslahatda çykyş eden  Milli Geňeşiň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow,  Awazanyň çägini giňeltmek, syýahatçylygyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolan binalaryň gurluşygyny çaltlandyrmak, bu ýerde ýurdumyzyň raýatlarynyň ýokary derejeli dynç alşyny üpjün etmek meseleleriniň ähmiýetini nygtady we  bu işleriň netijeli durmuşa geçirilmeginiň ykdysady taýdan bähbitli boljakdygyny aýratyn belledi.

 

Awaza :ýörite wiza tertibini işläp düzmek we girizmek meseleleri öwreniler

Related posts

Çehiýa — syýahat üçin gyzykly döwlet

“S7” awiakompaniýasy: awiapetekler we el-goşlar barada…

Ata Watan Eserleri

Slowakiýa “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy

Leave a Comment