JEMGYÝET

Daşoguz welaýatynda ady üýtgedilen we ýatyrylan etraplar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, S.A. Nyýazow adyndaky etrap häkimliginiň ady üýtgedildi we Şabat etrap häkimligi diýlip atlandyyrldy. Şeýle hem,  Gubadag, Gurbansoltan eje adyndaky etrap häkimlikleri hem-de Köneürgenç şäher häkimligi ýatyryldy.

Daşoguz welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrap häkimliginiň ady üýtgedilip, ol Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap häkimligi diýlip atlandyryldy.

Daşoguz welaýatynyň Gubadag, Gurbansoltan eje adyndaky etrap häkimlikleri hem-de Köneürgenç şäher häkimligi ýatyryldy.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetine Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri girizmek tabşyryldy.

Daşoguz welaýatynyň häkimligi Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga we Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.

Daşoguz welaýaty :dolandyryş-çäk gurluşy boýunça teklipler

Related posts

Türkmenistan “ÝB-Merkezi Aziýa” sammitine gatnaşdy

Moskwada Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyş dabarasy geçirildi

Ata Watan Eserleri

“Halkbank”: açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti boldy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment