BIZNES

Türkiýe Ýewropa bilen Russiýanyň arasynda tebigy gaz merkezine öwrülýär

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen tebigy gaz merkezi döretmek boýunça ylalaşandyklaryny belledi.

– Jenap Putin bilen geçiren soňky duşuşygymyzda Türkiýede gaz merkezini döretmek babatda ylalaşdyk. Onuň hem aýtmagyna görä, Ýewropa rus gazyny Türkiýäniň üsti bilen alyp, ulanyp biler – diýip, Prezident Ärdogan öz partiýasynyň parlamentde geçirilen nobatdaky mejlisinde belläp geçdi.

Geçen hepde hem Prezident Ärdogan bu ugurda geçirilen gepleşiklerden soňra gaz merkezini döretmek babatda işleriň geçiriljekdigini belläpdi.

Türk Lideriniň bellemegine görä, bu gaz merkezini gysga wagtda Türkiýäniň ýewropa böleginde gurmak meýilleşdirýär.

12-nji oktýabrda Wladimir Putin ilkinji gezek Russiýanyň energetika hepdeliginde eden çykyşynda Türkiýede gaz merkezini döretmek babatdaky başlangyjy öňe sürüpdi.

 

Related posts

Türkmen-owgan duşuşygy: wagtlaýyn port gurlar

Özbegistan bilen Owganystan 2.5 milliardlyk şertnama baglaşdy

Türkmenistanda Özbegistanda öndürilýän harytlaryň milli sergisi geçirildi

Leave a Comment