JEMGYÝET

Elon Muskyň iň halaýan nahary nämekä?

Dünýä belli “Tesla” ulaglary bilen tanalýan işewür Elon Musk özüniň jemgyýetçilik torundaky hasabyndaky yzarlaýjylarynyň özi baradaky uly gyzyklanma bildirilýän sowallara jogap berdi.

Elon özüniň  iň halaýan naharynyň döner kebapdygyny mälim etdi.

Konditer fotosuratynyň aşagynda Musk: “Bu gaty tagamly görünýär” diýip, teswir ýazdy.

Başga bir ulanyjy bolsa, ony görüp : “Germaniýada iň oňat görýän tort we konditer önümleriňizi sanaýsaňyz? Ýa-da bolmasa Germaniýa barsaňyz, näme nahar iýerdiňiz? ”  diýlip, sowal berdiler.

Bu sowala Musk “Döner kebap” diýip jogap berdi. Yzarlaýjylary Muskdan nemes torty ýa-da konditer önümlerden haýsy hem bolsa biriniň adyny eşitmek üçin garaşypdylar.

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

Related posts

Ýaşlaryň habar saýty işläp başlady: TÜRKMENISTAN HABAR

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy

Ilham Aliýew: “Dostluk” känini bilelikde özleşdirmek – taryhy çözgüt