JEMGYÝET

Özbegistandaky türkmen raýatlary ýurdumyza dolandylar

Dünýädäki ýiti ýokanç keseli zerarly emele gelen çylşyrymly ýagdaý hem-de çäklendirmeler sebäpli dünýäniň dürli ýurtlaryndaky raýatlarymyz Ata Watanymyza dolanyp bilmediler. Türkmenistanyň Hökümetiniň bu ugurda yzygiderli geçirýän çäreleriniň netijesinde, daşary ýurtdaky raýatlarymyz ýurdumyza getirilýär.

“Orient.tm” internet saýtynyň habar bermegine görä, 120 sany türkmen raýaty Özbegistanyň Buhara welaýatynyň “Alat” gümrük nokadyndan Türkmenistana – öz ene topragyna geçdiler.

Özbegistanyň ýerli welaýat häkimliginiň habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň raýatlary bütindünýäde, şeýle-de Özbegistanda ýüze çykan ýiti ýokanç keseli zerarly amala aşyrylan çäklendirmeler sebäpli öz Watanyna dolanyp bilmediler.

Özbegistandan ýurdumyza dolanyp bilmedik raýatlarymyz Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanasyna ýüz tutdylar. Diplomatlar bu meseläni Hökümet derejesinde çözmek üçin tagalla etdiler we taraplaryň arasynda bu babatda özara ylalaşyk gazanyldy.

Berlen maglumatlara laýyklykda, Watanyna gaýdyp gelenleriň arasynda kämillik ýaşyna ýetmedik sekiz çaga bardy. Ýurdumyzyň raýatlaryny Özbegistanyň döwlet gulluklarynyň wekilleri ugradyp, zenanlarymyza gül gowşurdylar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Hökümetiniň tagallasy bilen ýurdumyzyň raýatlary Hindistandan, Türkiýeden, Russiýadan we Belarusdan ýörite uçar gatnawlary gurnalyp, Watanymyza getirildi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Belarusdaky raýatlarymyzy getirmek üçin geljek hepde ýene-de bir uçar gatnawy amala aşyrylar.

 

Peýdaly Maslahat Sahypamyz

Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy

 

Related posts

Türkmenistan’dan yeni sosyo-ekonomik kalkınma hamlesi

vepa

Visit of the delegation of the Ministry of Education of Turkmenistan to Kazan

vepa

Turkmenistan Ready for Close Collaboration in Global Energy Space under Clearly Defined Principles

vepa