SPORT

“Napoliniň” taryhynda iň köp pökgi geçiren oýunçy

Belgiýaly hüjümçi Dries Mertens Italiýanyň “Napoli” toparynyň taryhynda iň köp pökgi geçiren oýunçy boldy. Şenbe gününde “Inter” bilen Italiýa kubogynyň ýarym finalynyň ikinji oýunda “Napoli” toparynyň düzüminde 122-nji pökgüni tora girizdi. Şeýlelikde, ol öň “Napoli” toparynda oýnan we 121 pökgi geçiren Marek Gamşigi geçmegi başardy. Üçünji orunda 115 pökgi geçiren meşhur Diego Maradona ýerleşýär . “Napoli” bilen “Interiň” arasyndaky oýnuň özi, neapolitanlaryň ilkinji oýunda ýeňiş gazanandygyna garamazdan, 1: 1 hasabynda deňme-deň tamamlandy. Netijede Italiýanyň kubogynyň finalynda “Ýuwentus-Napoli” toparlary garşylaşarlar.

Related posts

Antonio Konte “Napoliniň” baş tälimçisi boldy

Ýewro-2020: 3-nji iýulyň duşuşyklary

Ata Watan Eserleri

Runi Amerikanyň futbol toparyna tälim berer