BIZNESSPORT

Semagyň şertnamasynyň möhleti uzadyldy

Russiýanyň “Zenit” toparynyň ýolbaşçylary toparyň bäş tälimçisi Sergeý Semak bilen täze şertnama baglaşdylar.

44 ýaşly hünärmeniň şertnamasynyň möhleti “2+1” görnüşinde uzadyldy. Ýagny Semak ýene-de 2 ýyl we 1 möwsüm bu topara tälim berer.

Mundan ozal hem, “Zenit” topary baş tälimçisine ýyllyk 1,8 million ýewro zähmet haky hödürläpdi.

Semak 2018-nji ýyldan bäri bu topara tälim berip gelýär. Geçen möwsümde onuň topary Russiýanyň çempiony boldy. Häzirki möwsümde-de öňdeligi eýeleýär we esasy bäsdeşleri “Lokomotiw” we “Krasnodar” toparlaryndan 9 utuk öňde barýar.

Related posts

Kopa Amerikanyň finaly: Argentina-Kolumbiýa

Polşa öýüne gaýdan ilkinji ýygyndy boldy

59 ýyllyk rekord bilen finala çykdy