JEMGYÝET

Eýranda alýuminiý toplumy açyldy

Eýranda Günorta Aziýada iň uly alýuminiý toplumy boljak  «South Aluminum Complex-iň» birinji tapgyry açylyp, ulanmaga berildi.  Şeýlelikde, toplum birinji tapgyrda her gije-gündizde 120 tonna alýuminiý önümlerini öndürip biler ― diýip, «Iran.ru» ýazýar.

Täze toplumyň açylyş dabarasyna ýurduň Prezidenti Hasan Ruhany wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy.

Toplum bir ýylda 300 müň tonna alýuminiý önümlerini öndürmäge we eksport etmäge mümkinçilik berer. Bu ýerde öndürilen önümler goranmak, awiasiýa, awtoulag önümçilgii, gurluşyk we energetika ýaly ugurlarda ulanylar.

Umumy bahasy 1,2 milliard dollar bolan toplumda 6,5 müňden gowrak adam işlär. Toplumyň doly güýjünde işläp başlamagy bilen ýurtdaky alýuminiý önümçiligi ozalkysyndan 70 göterim artar.

 

Related posts

Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistana geldi

Ata Watan Eserleri

Adam atlarynyň manysy 12-nji ýanwar

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň Aksakgallar Geňeşini “Ýaşulular Geňeşi” diýip atlandyrmagy teklip etdi