DÜNÝÄ

Synaglar onlaýn geçiriler

Russiýanyň ylym we ýokary bilim ministri Waleriý Falkow ministrligiň howandarlygyndaky uniwersitetlerde uzak aralykdan synag maksatnamasynyň işleýşini gözden geçirdi. «Ýüze çykan koronowirus hadysalary sebäpli synaglary şeýle usulda geçirmek ministriň özi tarapyndan berlen buýrukdyr» diýip, TASS ýazýar.

«Ýurtda onlaýn okuw işi üstünlikli ýola goýuldy. Hünärmenleri mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň gutardyş synaglaryny hem şeýle usulda geçirip boljakdygyny öňe sürdüler. Häzir Russiýada bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça işler alnyp barylýar» diýip, neşiriň habarynda aýdylýar.

Ýeri gelende aýtsak, Russiýada uzak aralykdan berilýän okuwlar 16-njy martdan bäri dowam edýär.

Related posts

Ildeşlerimizi Mekge-Medinä ugratmak boýunça guramaçylyk işleri alnyp barylýar

Ömürlik mugt awiapetek

“Galkynyş” topary Stambulda geçirilen 7-nji Halkara etnosport festiwalyna gatnaşdy