SPORT

“Lužniki” birinji bolup bilermi?…

“Marca” neşiri dünýäniñ iñ gowy stadionyny saýlamak üçin ses berişlik geçirýär. Bu ugurda 40 stadion bäsleşýär. Olaryñ arasynda Russiýanyň paýtagty Moskwanyñ “Lužniki” stadiony hem bar.

Häzirki wagtda “dünýäniň iň gowy stadiony” ugry boýunça birinjiligi Müsüriň paýtagty Kair şäherindäki “Al Ahli” toparynyñ duşuşyklaryny geçirýän halkara stadiony eýeläp gelýär. Bu stadiona 96 müñ adam ses beripdi. Lužniki stadiony 468 ses alyp, 37-nji orunda barýar.

2018-nji ýylda Russiýada geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde birnäçe duşuşyk “Lužniki” stadionynda oýnaldy. Russiýanyň meşhur stadionlarynyň biri hasaplanýan “Lužniki” stadiony Fransiýa bilen Horwatiýanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky final duşuşygyny hem  kabul etdi.

Related posts

Kartondan futbol janköýerleri

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynda ilkinji medalyny gazandy

Ýene-de bir argentinalynyň gözýaşy: futbol bilen hoşlaşyk

Ata Watan Eserleri