MEDENIÝET

Disneýiň «Artemis guşy» filmi 12-nji iýunda görkeziler

Mälim bolşy ýaly Disneý studiýasy çagalar üçin ýygy-ýygydan multfilmdir, kinolary yzygiderli hödürleýär. Ynha ýene-de studiýanyň şeýle naýbaşy filmleriniň biri bolan «Artemis guşy» ady bilen şu ýylyň 12-nji iýunda körpeje tomaşaçylara ýetiriler. Bu film Eoýn Kolferiň «Artemis guşy» atly eseri esasynda surata düşürildi. «Artemis guşy» filmine Kennet Brana režissýorlyk etdi. Disneýiň bu täze filmi häzirlikçe diňe onlaýn şekilde tomaşaçylara ýetiriler. Studiýanyň hünärmenleri awgust aýynyň aýagyna dünýäniň dürli künjeklerindäki kinoteatrlarda «Artemis guşy» filmini görkezmegi meýilleşdirýärler.

Related posts

Aşgabatda rus kinolarynyň hepdeligi başlady

Türkmen-özbek dostluk agşamy

“Awatar: suwuň ugry” filminden 1 milliardlyk girdeji

Ata Watan Eserleri