BIZNES

Nebitgaz: uly işleriň bosagasynda

«Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynda» ýurdumyzyň nebitgaz toplumy üçin ýokary mukdardaky serişdeler göz öňünde tutuldy. Şoňa laýyklykda, üstümizdäki ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagy uly möçberdäki maýa goýumy özleşdirer ― diýlip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bu serişdeleriň belli bir bölegi Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çäginden geçýän böleginiň — 207,2 kilometriniň gurluşygy üçin ulanylar. Mundan başga-da, ol Döwletabat — Derýalyk sowma gaz geçirijiler ulgamynyň 58,2 kilometrlik 3-nji şahasyny çekmäge-de mümkinçilik berer.

Merkezi Garagum gaz käninde gaz gysyjy desgasyny gurmak üçin, Malaý gaz käninde ýylda 30 milliard kub metr gaza niýetlenen gaz basyjy desgany gurmak üçin, Mary welaýatynyň çäklerinde 6 sany guýuda buraw işlerini geçirmek üçin sarp ediljek maýa goýumlar nebitgaz pudagynyň ösdürilmeginde, ony innowasion tehnologiýalar bilen üpjün etmekde, diwersifikasiýalaşdyrmakda aýratyn ähmiýetli bolar.

Related posts

Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda üstaşyr söwda ylalaşygy baglaşylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Hytaýa tebigy gaz eksporty ýokarlandy

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi maýa goýumlary çekmek boýunça forum geçirýär