SPORT

“Baýer” – Germaniýanyň kubogyny gazandy

Taryhynda ilkinji gezek çempion bolan Germaniýanyň “Baýer” topary möwsümi ýene-de bir kubok bilen tamamlady. UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň kubogyny gazanyp bilmedik “Baýer” topary Germaniýanyň kubogyny ugrundaky ýaryşyň finalynda “Kaýzerslautern” toparyny 1:0 hasabynda utup, taryhyndaky ilkinji Germaniýanyň kubogyny gazandy.

Duşuşygyň ýeke-täk goluny german toparynyň şweýsar futbolçysy Granit Žaka öz adyna ýazdyrdy. Şeýlelikde, Germaniýanyň futbol çempionatynda hiç bir duşuşykda ýeňilmedik “Baýer” topary hem çempion boldy hem-de Germaniýanyň Kubogyny gazandy.

Möwsümiň ähli ýaryşlarynda 51 duşuşykda ýeňilmän dünýä rekordyny goýan german topary möwsümi uly üstünlikler bilen jemledi.

Related posts

FIFA we Saud Arabystany ösüp barýan ýurtlara ýeňillikli karz berer

Klaudinýo Kataryň “Al-Sadd” toparyna geçdi

Jordonyň köýnekçesi satylýar