Zehin yhlasa duşanda

Yhlas obada önüp ösdi. Onuň çagalygy hem obada tomsuň jokrama yssysynda, gyşyň aňzagynda geçdi. Ol ýöne adyna mynasyp oglan diýip bellesek hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Çünki Yhlas örän maksada okgunly, zähmetsöýer ýigit. Ol heniz mekdepde okaýan döwürleri hem obanyň kärendesinde-de köp zähmet çekipdi. Emma ol hiç wagt okuwyny gowşatmandy. Bir eli işde bolsa, beýlekisi kitapdady. Ýaşlygyndan örän kitaphon oglandy. Il içinde «Guýmagursak bolmasa dürtme gursak neýlesin» diýen aýtgy bar. Bu parasatly jümle edil Yhlas üçin aýdylan ýalydy. Ol guýmagursak zehinli, päk niýetli ýigitleriň birinden. Ol heniz ýaşlygyna garamazdan durmuşyň kötek ýollaryndan hem aşypdy. Sebäbi ol heniz üç ýaşynda eneden hem atadan ýetim galypdy. Onuň hossarlary ulag heläkçiliginde wepat bolupdy. Wah, ýöne gideniň yzyndan gidip bolýarmy näme. Yhlas näçe kemsindi, eje-kaka mährini küýsedi. Emma hiç wagt ruhdan düşmedi. Çünki onuň esasy bir maksady bardy. Ol hem il içinde «Pylanyň ogly ha tüweleme» adyna, köpçülikde hormata eýe bolmakdy.

Yhlas heniz mekdep okuwçy döwürleri himiýa we biologiýa dersine has höwesekdi. Çünki ol geljekde lukman bolup, hassalaryň derdine däri bolmak isleýärdi. Ol ýokary synplara ýetende himiýa we biologiýany has içgin öwrenmek isläp, şol sapaklardan goşmaça mugallyma gatnaýardy. Ony bu sapaklardan örän tejribeli, işine ussat mugallymlar taýýarlaýardy. Yhlasa has hem biologiýa mugallymy Akja diýseň ýaraýardy. Çünki Akja mugallym häli-şindi öz okuwçysyny ruhlandyrýardy, oňa derekli maslahatlary berýärdi. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly Yhlas okuwyndan daşary oba işleri bilen meşgullanýardy. Ol käwagtlar sapaga ýadaw halda gelýärdi. Ýöne muňa garamazdan sapaklara mydam taýýarlyklydy. Emma şonda-da bildirmezlige salýardy. Ýöne duýgyçyl mugallym muny derrew aňardy. Ol şonda öz okuwçysyna şeýle sowal bererdi:

  • Yhlasjan oglum, bu gün birhili ýadaw görünýäň. Belki-de sapagy ertire geçireris.

Yhlas:

  • Hawa, bir az dynçsyzrak. Käwagtlar şol bir zatlardan, durmuşymdan hem ýadaýýan-da ýoldaş mugallym – diýip jogap bererdi.

Emma mugallym onuň ruhuny beýgeltmek üçin şeýle sözleri aýdardy. Ol bu gezegem şeýle köp manyly maslahatyny berdi.

— Oglum, men indi kyrk ýylyň mugallymy. Men sen ýaly okuwçylara seýrek gabat geldim, seni oglum saýdym. Beýdip müzzerip oturmak saňa gelişenok. Men saňa bir zat aýtmakçy. Şuňa ber gulak sal. Bu bir ýalançy dünýä. Ähli zat çyn ýaly görünse-de ýalan diýsek hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Ýöne şuny berk belle. Eger-de sen ýadaýan bolsaň, onda-da zähmetden. Bu diýmek, sen geljekde gowy durmuşda ýaşajakdygyň alamatydyr. Ony menä gysgaça «Ýaşamak üçin ýadamak gerek» hem diýäýýän. Näme üçin beýle. Çünki ýalta, işýakmaz adamlar ýadamaz. Eger-de ýadamasa ýagny, bir maksada gulluk etmese oňat durmuşda ýaşamaz. Şuňa ene-atanyň gazanjyna ýaşaýan perzentler hem gowy mysal bolup biler. Olar durmuşda köp kösenerler. Ýöne    zähmetsöýerler däl. «Herekede bereket» diýlenidir. Onsoňam şahyr aýtmyşlaýyn «Süýji bolýar ekip iýseň, maňlaý deriň döküp iýseň». Ýene bir maslahatym sabyr et. Ähli gowy zatlar sabyr etmek arkaly gazanylýandyr. Şonuň üçinem indiden beýläk «ýadaýan» diýme-de «ýaşaýan» diýen düşünjä uýmagy öwren.

Yhlas yhlas baryny etdi. Ol esasy maksadyna ýetdi. Yhlas eli ýeňil, ökde lukman boldy. Maşgala gurdy. Häzir ol bolelin, sapaly durmuşda ýaşaýar. Oňa Akja mugallymyň biologiýa dersinden öwreden zatlary ýerine düşdi. Emma bir zady aýratyn bellemeli. Akja mugallymyň beren ruhy sapaklary (motiwasiýalary) has-da peýdasy degdi. Yhlas indi abraýdan, mertebeden deň-duşlaryndan tapawutlanýar. Onuň yhlasy myrat tapdy. Ol ejesidir kakasynyň adynyň ýerde ýatmagyny islemezdi. Il içinde tutulmagyny islärdi. Indi ol obada «Berdiniň ogly ökde lukman» ýa-da «Ejebaýyň oglunyň eli ýeňil tüweleme» diýip ulus-il bir-birlerine buýsanç bilen gürrüň berýärler. Ony obada «Berdiniň ýa-da Ejebaýyň ogly Yhlas lukman» diýip tanardylar.

Hawa, yhlas etseň, hereket etseň ýetilmejek menzil ýok, gowuşmajak maksat. Diňe biz sabyr edip yhlas edäýmeli. Tomas Edison: «Zehiniň 1%-i ylham, galan 99%-i yhlas, gaýrat, maňlaý deri…» diýer eken. Mahlasy, hötde gelmek isleýän işimiz üçin öňküden-de beter yhlas etmegimiz, hyjuwly hereket etmegimiz gerek eken. Yhlas ýanymyzda bolsa, üstünlik hem alnymyzda bolar. Onsoň at-abraý, mertebe, şöhrat bizden uzakda bolmaz. Diňe hereket et. Çünki oňat ýaşamak üçin ilki ýadamak gerek!

Çary HANJAÝEW, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

Ýene-de okaň

The European Union and Turkmenistan strengthen economic cooperation at Business Forum in Ashgabat

The Turkmen Peace

Turkmenistan Hosts Major International High Level Forum

Visit of the Minister of State for Foreign Affairs of Uganda to Ashgabat

Turkmenistan plans to participate in the international exhibition “Green EXPO 2027 Yokohama”

Tashkent hosts Agro-Forum in Central Asia – Italy – Azerbaijan Format

Turkmenistan and Uzbekistan Discusses Prospects for Agricultural Cooperation

Foreign Ministers of Turkmenistan and Iran hold telephone conversation

Meeting between the Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan and the Ambassador of China to Turkmenistan

On the Meeting with the Ambassador of the USA to Turkmenistan

Christopher Wizda: Bridging Languages and Cultures: The Makul Dictionary

President of Turkmenistan and Prime Minister of Pakistan discuss bilateral cooperation

National Leader of the Turkmen People gives Interview to China’s CGTN

“Makul Dictionary” Included in the New York Public Library Catalog

2026 in Türkiye: A Year of Culture, Sports and Iconic Events

Akhal-Teke: The Golden Horse That Determines the Heritage of Turkmenistan

Ata Watan Eserleri

Chinese President Xi Jinping was presented with a magnificent Akhal-Teke horse named Gadyrly

Xi calls for strengthening cooperation with Turkmenistan in natural gas, trade, non-resource fields

Ambassador of Turkmenistan welcomes influencer Yuji Beleza at the Embassy

Global Athletes Take on Türkiye’s Stunning Landscapes at Alanya Ultra Trail

Ata Watan Eserleri