WORLD

Özbegistanyň Medeniýet ministri bilen duşuşyk geçirildi

2019-njy ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA gatnaşyjy-döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň Ð¥IV Forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministri Bahtiýor Saýfullaýew bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar dürli ugurlar boýunça iki doganlyk ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp geçdiler, has takygy medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda forumlar, sergiler we okuw saparlary bilen birlikde dürli görnüşdäki çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi. Şeýle hem taraplar bilelikdäki işleriň mundan beýläk hem berkidilmegi boýunça geljegi uly taslamalary we teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.    

Duşuşygyň barşynda myhman şeýle hem GDA gatnaşyjy-döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň Ð¥IV Forumynyň guramaçylygynyň ýokary derejesini belläp geçdi we Türkmenistanyň GDA gatnaşyjy-döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine saldamly goşant goşýandygyny nygtady. 

Ýene-de okaň

Priority areas of cooperation between Turkmenistan and UNESCAP were discussed

Сooperation with the UN Regional Centre for Preventive Diplomacy for Central Asia were discussed at the Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan

The Minister of Foreign Affairs met with the Ambassador Extraordinary and Plenipotentiary of the Islamic Republic of Iran to Turkmenistan

Present vectors of Turkmen-Azerbaijani ties discussed

Wellbeing, the Turkish Way: A Holistic Escape

Explore the magic of İstanbul: Europe’s Most Desirable City