Üstünlige tarap 101 durmuş pelsepeleri

  1. Iň güýçli ýarag-ölümi göz öňüne alan esgerdir.
    2. Zeruryýeti bolmadygy wagt söweş günädir.
    3. Söýgi hemme gulpy açan açardyr.
    4. Bir gahrymany – Bir penje alkyş hem ölüme getirip biler.
    5. Ýalňyş wagta getirilen hakykat ýalandan hem ýamandyr
    6. Medeniýetin kabul edenine kayyl gelmek adam bolmak üçin ýeterlikdir
    7. Baryşda köp der döken söweşde az gan döker.
    8. Guwanylmak siziň eliňizdedir, dogruçyl bolmaýanlara siz guwanarmysynyň.
    9. Iki kişiniň bileni syr däldir.
    10. Eliňizde ýekeje çekiç bolsa, töweregiňizdäki her zady çüý ýaly görersiňiz.
    11. Her sözledigiňiz dogry boldun, ýöne her dogryny sözleme.
    12. Görelde, Sözledigiňi edip, edip biljegiňem sözlemekdir.
    13. Egilip büküljegiňe, gyrylyp dökül.
    14. Sen doganyňda agladyň herkim güldi, Şeýle bir ömür ýaşagyn; sen öleňde gül, herkimem aglasyn.
    15. Nadan bilen söhbet etmek kyndyr gilene – Nadan näme gelse geplär diline.
    16. Aýdanlaň dogrudyr sen dogry bolsaň – dogrulyk tapdyrmaz sen egri bolsaň.
    17. Işiň öwredilmesinden köp-söýdürilmegi gerek.
    18. Bir gün hökman gözlener, eliňde hünäriň bolsa.
    19. Her ynsanyň iň beýik dosty AKYLd DYR, duşmanyda AKMAKLYGYDYR.
    20. Bagtlylyk her zatdan öňürti beden saglygyndadyr.
    21. Basym hereket etmeli bolsa erwet karar bermek, hiç karar bermedigiňden gowudyr.
    22. Bilmedigiňizi bilmek – ony bilmek üçin ilkinji ädimiňizdir.
    23. Öwrenmek tolkunyň garşysyna ýüzmekdir, ýüzmeseň yza gaýdarsyň.
    24. Hiç kim ýaman däldir, hemme ýaman bilgisizlikdedir.
    25. Ynsanyň bagtsyz bolmagynyň syry, Bagtly bolup bolmajagyny pikir etmäge boş wagtynyň bolmagydyr
    26. Az pikirlenýän, köp geplär.
    27. Ynsanyň nebsine we jemgyýetine bolan borjy, öwrenmek hemde öwretmekir.
    28. Maksady bolmaýan gämide, Şemal kömek etmez.
    29. Bir gämini iki kapitan batyrar.
    30. Kiçi işe gereginden köp üns berýänler, elinden uly iş gelmeýänligidir.
    31. Düşünilmän öwrenilen bilim, ýitirilen gaýratdyr.
    32. Hiç bir tejribei bolmaýan adamdan hemme zat garaşylar.
    33. Bir duşmandan gutulmanyn iň gowy ýoly ony özüňe dost edinmek/
    34. Uly depelerde guşyda, ýylanyda görebilersiň, biri uçup , beýlekisi sürünip çykandyr.
    35. Geplemäni bilen: Pikirlenenleriniň hemmesini aytmaz, ýöne aýtjaklarynyda pikirlenip aýdar.
    36. Ömrüňdäki hakyky üstünlik, adamyň isleýş ýaly ýaşap bilmegidir.
    37. Ýalňyşmaýan adam ýokdur, adamkärçilik ýalňyşyňy kabul edişiň we ony düzedişiň bilen ölçenýar.
    38. Dünýäni dolandyrýan düşünjerler däl güýçdir, ýöne güýji ulanýan düşünjedir.
    39. Bir mekdep açmak bir zyndan ýap;ak diýmekdir.
    40. Düşünmek ruhuň öz özýniň geplemegidir.
    41. Geljek döwür işeňňir bolanyňkydyr.
    42. Bir adamda gaýrat bolmasa bilimi ölüdir.
    43. Adam näçe beýgelse göwni şonçada kiçelmelidir.
    44. Her bileniňi aýtma, her aýtjagyňy bil.
    45. Adamlary güçden köp owadan söz bilen ýola salmagyň oňatdygyny her mahal ýatda tutulmalydyr.
    46. Şertler bolmasa tejribeler az iş eder.
    47. Öz özüňi ýeňmek şöhratlaryň iň ulusydyr.
    48. Asyl ýeňiş gazanan Gaharyny ýeňip bilendir.
    49. Islendigiňiz käbir zatlara eýe bolup bilmeýşiňiz, begençligiňiziň bir parçasydyr.
    50. Gowulygy pikir edip gezmek, Sizi mertlik bilen ýaşadar.
    51. MERTLIK, howplylygyň garşysynda akyl we bilgiňi ulanmakdyr.
    52. Bir adamyň hakyky baýlygy, bu dünýäde eden ýagşylygyňdyr.
    53. Watany watan eden ölüleriň külleridir.
    54. Ynsan doguşdan ýagşydyr, Ýamanlyga gidişi daşky täsirlerdendir.
    55. Tebigatyň kynçylyklaryny ýeňmäge öwrenişmedik esger, söweşde duşmany ýeňip bilmez.
    56. Tutumly bolan, mätäç bolmaz.
    57. Ýagşylyk, adamlary bir birine baglaýan altyn zynjyrdyr.
    58. Hemmämizem ömrümiziň gysgadygyndan söz ederis, Ýöne boş geçen wagtymyzy nähili ulanjagymyzy bilmeris.
    59. Wyždan, adalatyň iň gowy wekilidir.
    60. Etmek islän işiň üçin pikirlenip karar ber, beren kararyňyda hökman et.
    61. Ýaşlaryny kitaplar bilen ulalytmaýan milletiň soňy ajydyr.
    62. Iň gowy söweň goranmakdyr, Iň gowy goranmak hüjümdir.
    63. Ýaşamak üçin ölümden gorkanadamyň duýgy düşünjeleri ýamandyr.
    64. Owadan gyz gözi bilen, gowy gyz göwni bilen ogşar,
    65. Bir duşmany bagyşlamak, bir dosty bagyşlamakdan aňsatdyr.
    66. Elmydama üç zat sessizdir, PIKIR, YKBAL, MAZAR.
    67. Hemme zatlary okap, öwrenip bolmaz, Ýaşap öwrenersiň.
    68. Aglaýan göz, agaran baş-gizlenmez.
    69. Işiň soňy hökman däl, Şol işe höwesli ýapyşmak zerurdyr.
    70. harby adamlar, Esgerleriň eden edip bilmedik her işinden jogapkärlidir.
    71. Her ýere giderin, ýöne dogry bolsun.
    72. Adalatyň ýok ýerinde hemme kişi günälidir.
    73. Seni beýlekilerden tapawutly etmek üçin bütin güji bilen gije gündiz üýtgäp duran bu dünýäde-ÖZÜŇ bolup galyp bilmek dünýäniň iň kyn söweşini bermek bermekdir. Bu söweş bir başladymy gutarmaz.
    – Gözleriňde dogmak,
    – Ýaňagyňda süzülmek,
    – Dodaklaryňda ýitip gitmek,
    – Göz ýaşlaryň bolmak islardim.
    74. Dostlyk – Söýmäni, kömek etmäni, gynanjy paýlaşmany içine alýan iň kyn kärdir.
    75. SÖÝGI – iki beden bir ruhdyr, DOSTLYK – bir beden iki ruhdyr.
    76. Ynsanlaryň ýüzleriniň we gözleriniň reňki başga başga bolsada göz ýaşlarynyň reňki meňzeşdir.
    77. Eger gijeler seni pikir edişim ýaly uzyn bolsady, Ynan söýgülim o günden soň hiç güneş dogmazdy.
    78. Ur kalbyma paltany palta gana bulansyn, Ýöne çuňluga urma çünki otaýda sen barsyň.
    79. Eger gözlerimde bir damja göz ýaş bolsadyň, seni ýitirmejek bolup ömür boýy aglamazdym.
    80. Öwrenmäniň iň gowy tarapyda, bilimiňi senden hiç kimi alyp bilmeýänligidir.
    81. Şeýle bir ýaşaýyşyň bolsun, çagalaryň hakykat, kömekleşmek, bilim, arassaçylyk sözlerini eşidende ýatlaryna sen düşmeli.
    82. Iki zadyň eliňden gitmänka gadyryny bilmek kyndyr, biri saglyk, beýlekisi ýaşlykdyr.
    83. Gaharly geçiren her minudyňyz bagtly günüňden aýrylýaan 60 sekuntdyr.
    84. Akylly adam aklyny ulanar, beter akylly adam başgalaryň hem aklyny ulanar.
    85. Zadyňy, pulyňy millete paýla, iýdir, içir, geçdir, zadyň seni ulanmasyn, sen zadyňy ulan.
    86. Sözüňi pikirlenip aýt, howlukma sabyrly bol, howlugyp aýdan sözüňden ertir puşman bolarsyň, Sözi aýtmasaň, ol söz saňa gul bolar, eger aýtsaň sen oňa gul bolarsyň.
    87. Göz görmese – göwün arzuw etmez.
    88. Hakyky dostlyk, Ýykyljagyny bilen dostluňy goldamakdyr, her işine goulyp ýören däldir.
    89. Ýaman zadyň gadyry, derejesi ýokdur, Ýamanlyk edeniňem, Gözümiz üçin söýenlerimizi görmek hezildir, göwnümiz üçin arzuwlarymyza ýetmek hezildir.
    90. Bir iş edeniňde: Gaharlanma öýkäňe böwet bol-eger gazaba münseň dilsiz ýaly hereket et.
    91. Mert ýaşamagy bilen – Mert ölmegide bilmelidir.
    92. Köne derdiňi ýatlamak, täze dert edinen ýalydyr.
    93. Bir dost bardyr, sen ony her gün gözlärsiň, Bir dost bardyr Derman ýalydyr Gerek wagty gözlariň, Bir Dost bardyr Kesel ýalydyr Ol seni gözlär.
    94. Jepa çekenlere Wepa görkezgin, Ýigitler wepalydyr.
    95. Pikirlerimizi söz bilen, göwnümizdäkileri hereket bilen düşündirmelidir.
    96. Söýen biri bolup ýaşap-söýülen biri bolmasaň söýgüňiz güýçsizdir.
    97. Doýan ýerimi däl, Dogan ýerimi söýýärin.
    98. Işiňde wakalary gözüň bilen däl, beýniň bilen görjek bol, çünki göz bolýany, beýni boljagy görýändir.
    99. Kyn ýaşaýşyňa nokat goýjagyňa, nokatly otur bilen täzeden başla.
    100. Aýakgabym ýok diýip gynanýadym, aýaksyz adam gördüm.
    101. Her garşylanýan uly meselämiz, öňürti biriniň görüp çözmedik kiçijek işidir.

Sünnet AÝYDOW, Lebap welaýatynyň Gazojak şäheri.

Russiýa döwletiniň Belgorod şäherindäki Wladimir Gregoriýewiç Şuhow adyndaky döwlet tehnalogiýa unwersitetiniň 2-nji ýyllyk talyby.

Ýene-de okaň

Rogun HPP: What Could Be More Effective Than the World’s Tallest Dam?

Turkmenistan and Malaysia Eye Stronger Ties Beyond Energy

The Polytechnic National University of Sciences and Technologies of Bucharest and the Oguz Khan University of Engineering and Technology of Turkmenistan signed a Memorandum of Understanding

Turkmenistan and Malaysia explore agricultural cooperation

The official visit of the President of Turkmenistan to Malaysia has begun

Ata Watan Eserleri

The National Leader of the Turkmen people received the Executive Director of the Turkmenistan–USA Business Council

Turkmenistan have been published in the six UN languages as official documents of the General Assembly

Turkmenistan hosts Turkmen-Iran Business Forum and Iran Agrofood Exhibition

Turkmenistan and Japan signed new agreements

Turkmen-American Business Forum held in Ashgabat

Current issues of cooperation discussed with Minister of Energy of Iran

11 Turkmen universities featured in UI GreenMetric 2024 Global Ranking

The Foreign Ministers of Turkmenistan and Afghanistan visited the TAPI construction site

While the spectacle of the gladiators dazzle on screen, don’t miss the chance to delve into their fascinating true history in Anatolia.

Historical Discovery in St. Nicholas Church: Sarcophagus Found

Best Romantic Holidays to Ring in New Year in İstanbul!

Ata Watan Eserleri

Representatives of the Embassy of Turkmenistan in India held meetings at universities in Hyderabad and Pune cities of India

Turkmenistan and Switzerland abolish visa requirements for holders of service and diplomatic passports

Ata Watan Eserleri

City of Arkadag Recognized at ESQR’s Quality Choice Prize 2024 Ceremony in Vienna

President Serdar Berdimuhamedov outlines priorities of Turkmenistan’s foreign policy for 2025