Kitaplar – uly miras

Mazmuny

Türkmen halky hemişe kitaby uly miras hem tapylgysyz baýlyk ornunda görüpdir. Türkmenistanyň Milli Medeniyet “Miras” merkezi geçmişden galan ata –babalarymyzyň kitap mirasyny ýene türkmenleriň özüne gaýtaryp bermek ugruna tutanýerli işleýar.

Geçmişde türkmen milleti öz medeni mirasyny gorap saklamak üçin hemme synaglara döz gelipdir.

Eger ýadyňyza düşýän bolsa, Nurmyrat Saryhanowyň “Kitap” hekaýasynda Welmyrat aga Türkmen edebiýatynyň beýik milli we halk şahyry bolan Magtymgulynyň golýazmasyny örän kynçylykly döwre garamazdan  miras hökmünde gorap saklamak üçin öz gündelik durmuşynyň gazanjynyň ýeke-täk çeşmesi bolan, başgaça aýdylanda bary-ýogy, buýsanjy bolan guba düýesini orta goýandyr..            

Sözlemleriň açary

Kitaplar hem uly mirasdyr. Kitaplar hem tapylgysyz baýlykdyr. Kitap okama endigi.

                     Giriş

Kitap okamagyň beýnimize täsiri

Kitap okamak ynsan beýin ulgamyny oýaryp hereket etdirýär.

Kitap okamak ynsan ösüşinde ullakan bir täsiri bardyr. Okamak ynsanlaryň düşünjesini we pikirlenip bilmek  ukybyny ösdürýändir.

Kitap okamagyň peýdalarynyň biri-de stresi azaldýandygy  ylmy taýdan subut edilendir. Işden gelensoň, özüňizi  ýadaw  duýýan bolsaňyz  ýatmazdan owal birnäçe sahypa kitap okamak siziň ýadawlygyňyzy gidermäne kömek eder.

Kitap okamagyň iň beýik peýdalarynyň biri hem siziň  söz baýlygyňyzy artdyrýanlygydyr. Kitaplardan giňişleýin biziň günlük durmuşymyzda ulanylmaýan sözleri öwrenip, gürrüňdeş bolan adamlaryňyza  tasirli söhbetler açyp bilersiniz.

Okamak ünsi artdyrmak bilen birlikde özüňize bolan ynamyňyzy artdyrar.

Aýratyn hem garry adamlarda görülen yatkeşligini ýitirme meselesini kitap okamak bilen öňüni almak mümkindir. Kitap okaýan adamlarda ýatleşligi ýitirme keseli bolan  Alzeimer okamaýan adamlara görä %50 göterim azdyr. Beýni dowamly işletmegiň iň gowy ýoly kitap okamakdyr.  Bularyň hemmesi ”Näme üçin kitap okamaly” diýen soraga dogry jogap bolsa gerek.

Günlük durmuşda başymyzdan geçen kynçylyklar  käte bizi hiç zada höwessiz ýagdaýa itekläp biler. Aýratyn hem, edebiýatdaky kitaplary okamak size başgaça dünýägarayşa eýe bolmagyňyza kömek edip biler. Kitap okayan adamlaryň ýaşaýşa bolan höwesi elmydama möwç alar.

Uklap bilmeýän adamlara alymlar kitap okamagy maslahat berýärler we  bu ylmy taýdan subut edilen bir taktikadyr. Ýatmazdan öň birnäçe sahypa ýa-da birnäçe bent okamak siziň rahatlamagyňyza kömek eder(Ylmy barlag)

Ukyply, dünyägarayşy giň nesil – kitap okamany ýaşaýşynyň belli bir bölegi hasaplaýan adamlara aýdylýar. Ukybyň kitap okamak bilen baglanyşykly bolýanlygyny şeýle aytsak bolýar. Kitap okan adam sabyrly bolmaga öwrenişenligi üçin bir iş edýän wagty  kösenmän soňuna çenli beýik işjeňlik bilen ýerine ýetirýär. Pikirlenme ukyby ösenligi üçin etjek zadyny öňünden oýlanyp aňynda janlandyrýar. Wagty ulanmagy has oňat bilýänligi üçin etjek bolýan işini wagtynda eder. Okamak adamda öwrenmäge bolan höwes döredýär şeýle hem,  öwrenmedik zatlaryna gyzyklanlamaga başlaýar. Ukyply adamlar hemişe öwrenmäge dowam edýär. Ätdikleri ädimleri we eden  her bir işini pikirlenip paýhasly işler edýärler. İşine hemmetaraplaýyn döredijilikli çemeleşýär. İşjeň adamlar sport bilen meşgullanmagyň saglyga peýdalydygyny bilýärler. Bularyň hemmesi durmuşda ukyply bolmagyň, üstünlikler gazanmagyň syrlary bolup durýar.

Kitaplaryň durmuşymyzdaky orny

Ene-atalaryň çagalaryna kitap okamagy endik etdirmek iň uly wezipesi bolup durýar. Kitap okaýan ene-ata öz çagalaryna görelde bolup, olaryň kitap okamagy endik  edinmegine ullakan täsiri bardyr.

Söz baýlygyňyz  artyp, bilýän zadyňyz köpeler we bu size özüňizi has gowy beýan etmegiňize kömek eder. Söz baýlygyna eýe bolan adamlar hem işde hem de durmuşda üstünlik gazanmagy  has aňsatdyr.

Kitaplaryň  in gowy dostdygyny  ýygy ýygydan eşidýänsiňiz. Gündelik ýaşaýyş durmuşymyzyň hemme ýerinde hemişe iň ýakyn dostumyzdyr. Kitap okaýan adamlar özüni ýalňyz duýup durmazlar. Sebäbi olar boş wagtlaryny kitap okap geçirenligi üçin başga dostluklara mätäç bolmazlar.

Daş-töwerekde bolup geçýän wakalary dogry tarapdan görüp bilmek üçin elmydama beýnimizi işletmegimiz gerek, bu bolsa kitap okamak bilen mümkin bolýandyr. Zehiniňizi ösdürmek üçin kitap okamak elbetde,  iň gowy ýollaryň biridir.

Adamlaryň durmuşynda  käbir döwürlerinde möhüm kararlar bermeli ýagdaýlary bolup bilýar, bu döwürlerde köp kitap okaýan adamlar ýagdaýyň  hem peýdaly hem zyýanly tarapyny ölçäp iň dogry kararlary bermäge ukyplydyr

Türkmen edebiýaty başymyzyň täji

Beýik şahyr Magtymgulynyň eserleri durmuşyň dürli-dürli taraplaryny öz içine alýar. Magtymgulynyň döredijiligini örän oňat bilýän, gündogary  öwreniji E.E.Bertels ony Jemşidiň jamy bilen deňeşdirýär.

Jemşidiň jamy ýaly, Magtymgulynyň döredijiliginden hem islän zadyňy  bilmek, isleýän meseläňi tapmak bolýar. Magtymguly türkmen klassyky edebiýatyny dünýä okyjylaryna tanadan general şahyrdyr.

Magtymguly türkmen şahyrlarynyň köpüsiniň halypasydyr. Magtymguly öz döwürdeşlerine we özünden soňky ýetişen şahyrlaryň döredijiligine uly täsir edipdir. Bu täsir, ylaýta-da Zeliliniň, serkerde şahyr Seýdiniň, Keminäniň, Mollanepesiň, Mätäjiniň döredijiliginde görünýär.

ÝUNESKO  tarapyndan kabul edilen dünyä döwletlerinde  okaýan we ýazýanlaryň sanawy – elimizdäki grafiklere görä, iň köp okaýan we ýazýan döwletleriň başynda Hytaý Halk Respublikasy gelmek bilen dowamynda  Italiýa, Beýik Britaniýa, Amerika, Ispaniýa, Estoniça öz ýerini alypdyr. Şeýle hem Türkmenistanda okaýan ve ýazýan adamlaryň sany %99,7 göterim bolup durýar. Yöne gynansagam, Afrika we Owganystan ýaly döwletlerde  okaýan ve ýazýan adamlaryň iň az yaşaýan ýerleri diýip hasap edilipdir.  Bu sanawa gatnaşmadyk döwletlerem bardyr.(YUNESKO- 2015 grafikasy)

Mak­sat goý­mak: ki­tap­hon­lar her aý­da ýa-da ýyl­da oka­jak ki­tap­la­ry ba­ra­da öňün­de mak­sat goý­ýar­lar. Ki­ta­by ýa­şy­ňy­za we bi­lim de­re­jä­ňi­ze gö­rä saý­la­ma­gy unut­maň! Gy­zyk­lan­ýan za­dy­ňyz ba­ra­da okap baş­la­mak si­ziň oka­mak en­di­gi­ edin­me­gi­ňi­ze ýar­dam eder. Okan ki­tap­la­ry­ňy­zyň dur­muş­da we okuw­da si­ziň ba­şar­ny­gy­ňy­zy art­dyr­jak­dy­gy­ny unut­maň!
Sa­naw düz­mek: ýy­lyň do­wa­myn­da oka­jak ki­tap­la­ry­ňy­zyň sa­na­wy­ny dü­züp, soň­ra ola­ry aý­la­ra bö­lüň! Bu barada mu­gal­lym­la­ry­ňyz­dan ýa-da ki­tap oka­ma­gy ha­la­ýan deň-duş­la­ry­ňyz­dan mas­la­hat so­raň! Sa­na­wy taý­ýar ede­ni­ňiz­den soň­ra, oňa baş­lamaly we gu­tar­ma­ly se­ne­si­ni hem ýa­zyň. Ki­tap oka­ma­ly wagt ara­ly­gy ga­ty uzyn hem bol­ma­ly däl. Eger ki­çi­räk ki­tap üçin uzak wagt kes­git­le­se­ňiz, oka­mak en­di­gi­ňi­ziň ýit­me­gi müm­kin. Ki­ta­by oka­ýar­ka­ňyz ýa-da okap bo­lan­yňyzdan soň, öz pi­kir­le­ri­ňi­zi ýaz­ma­gy öw­re­niň! Bu bel­lik­ler si­ziň mag­lu­mat go­ru­ňyzyň art­ma­gy üçin örän peý­da­ly bolar.
Her gün­de bel­li bir sa­hy­pa oka­mak: go­wy ne­ti­je al­mak üçin her gün­de yzy­gi­der­li oka­ma­gy ýat­dan çy­kar­maň! Her gün­de oka­ma­ly sa­hy­pa­ňy­zy kes­git­läň we şon­dan az oka­ma­jak bo­luň! Bel­li bir wagt ge­çen­den soň­ra ki­tap oka­ma­ga how­lu­gar­sy­ňyz. Mak­sa­dy­ňyz ki­ta­by gys­ga wagt­da ta­mam­la­mak däl-de, oňa dü­şün­mek bol­sun! Ýag­ny, oka­mak üçin oka­maň! Ta­mam­lan ese­ri­ňi­zi baş­ga bi­ri­ne gür­rüň be­rip bil­jek de­re­je­de dü­şü­nen bol­ma­ly­sy­ňyz.
Dog­ry ýe­ri saý­laň: Is­le how­lu­da, is­le se­ýil­gäh­de ki­tap okap bi­ler­si­ňiz. Em­ma si­zi oka­ma­ga hö­wes­len­dir­jek ýer­de okaň! My­sal üçin, stol­da oka­ma­gy ha­la­ýan bol­sa­ňyz, stol­da okaň! Hä­zir­ki wagt­da elekt­ron ki­tap­lar, bu ki­tap­la­ry oka­ma­ga ni­ýet­le­nen ýö­ri­te mo­bil en­jam­lar hem az däl. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, elekt­ron en­jam­la­ryň çap edi­len ada­ty ki­tap­la­ryň or­nu­ny tu­tup bil­me­jek­di­gi­ni aýd­ýan­lar hem az däl. Siz özü­ňiz üçin haý­sysy amat­ly bol­sa, şo­ny saý­laň!

Bu endikleriň hemmesi dogry ýöne edip bilemok diýýän bolsaňyz:

Kitap okamagy öz islegimiz bilen her gün  ýerine ýetirmegimiz kyndyr. Şonuň üçin sistematik taýdan ornaşdyrmaga başlamaly.

Gündelik  – biz bir günüň içinde näme edýän bolsak şondan ybarat bolup durýar. Endik gysga wagt dowam etmeli şeýle hem gyzykly zatlardan ybarat bolmaly.

Yzarlamak –  edilen işi yzarlamak dogry ýolda bolanlygymyzyň şaýadydyr. Yzarlamak hem az  wagt almalydyr.

Ölçemek – ölçäp bilen hemme zadyňyzy ýokary sepgide çykaryp bilersiňiz.

Günde okamaly kitap sahypasynyň sany

Günde okamaly wagty

Birinjisi günde okalan kitap sahypasynyň sany bu siziň haýal ýa-da çalt okaýandygyňyza bagly bolup durýar. Sahypa sanyny özüňize göre belläň.

İkinjisi günde kitap okaýan wagtyňyzdyr. Ortalama sagat näçede boş wagtlaryňyz bar bolsa şol wagty saýlaň. Näçe minut okap biljekdigiňizi synap görüň şoňa göra, wagt goýuň.

Hiç haçan özüňizi başga adamlar bilen deňeşdirmäň.   Özüňize 1-den 10-a çenli baha beriň.

(Aristo, Peter Drucker, Robin Sharma)

Sesli ýa-da sessiz okamak

Käbirimiz sesli okan wagtymyz düşünýäris, käbirimiz bolsa sessiz okanymyzda aklymyzda janlanýar. Bularyň ikisini hem özümize endik ýagdaýyna getirsek, okuwyň kitaphanasynda, synpymyzda,  öz otagymyzda, awtobusda, uçar  ýaly sesli we sessiz ýerlerde ünsümiz bölünmän okap bileris.

Umuman aýdylanda okamaga, gyzyklanmaga, döretmäge  hemişe dowam edeliň!!!

 

Maýa Saparkulowa, Alanýa Alaaddin Keýkubat uniwersitetiniň talyby.

Ýene-de okaň

Kazakh National Agrarian Research University celebrates 30th anniversary of Turkmenistan’s Neutrality

A Round Table Dedicated to the 30th Anniversary of Turkmenistan’s Permanent Neutrality held in Ankara

The Ambassador of Turkmenistan to Belgium participated in the EU-Central Asia Dialogue on Afghanistan

Ata Watan Eserleri

UNDP and Ministry of Communications Launch the International Startup Forum 2025 at TurkmenTel–2025 Conference

UNDP facilitates the signing of strategic agreement to advance digital transformation of public administration in Turkmenistan

“Makul Dictionary” Now Available on iOS for Children and Adults

Dr.Döwran Orazgylyjov

An agreement was signed between Turkmenistan and the Asian Development Bank on financing the construction of a secondary medical educational institution

First train on Russia-Iran cargo route covers 4000km in 12 days

China’s leading engineering corporations’ delegation holds series of meetings in Turkmenistan

Harvest Festival in Turkmenistan: Triumph of Farmers and the Bounty of the Land

Great Milestone in Maritime History of Turkmenistan – First Domestically Built Cargo Ship Launched

Turkmenistan President’s Visit to Washington: Participation in the C5+1 Summit, Series of Meetings, Turkmen-American Business Forum

Türkiye welcomed 50 million visitors and generated USD 50 billion in tourism revenue during the first nine months of 2025.

Delegation of Turkmenistan participated in the 12th China-Central Asia Cooperation Forum

A Meeting of the Research Center for the Study of Magtymguly Pyragy Creative Legacy Held in Türkiye

Turkmenistan and Iran intensify interregional cooperation

Turkmenistan delegation participated in the International Oil and Gas Exhibition and Conference ADIPEC-2025

President Serdar Berdimuhamedov participated in the “Central Asia – USA” format summit

Turkmenistan delegation participated in the International Oil and Gas Exhibition and Conference ADIPEC-2025