SPORT

Aziýanyň futbol ýaryşlarynyň bijeleri

Dünýäde emele gelen koronawirus ýokanjy sebäpli togtadylan sport ýaryşlary täzeden güýç alyp ugrady. Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň habar bermegine görä, öňümizdäki hepde AFK U-19 hem-de AFK U-16 futbol çempionatlarynyň bijeleri çekiler.

AFK U-16 futbol çempionatynyň bije çekiliş dabarasy 18-nji iýunda Malaýziýada gurnalar. AFK-nyň düzümindäki 16 topar Bahreýnde geçiriljek ýaryşda bäsleşerler.

Şeýle hem Özbegistanda geçirilen AFK U-19 futbol çempionatyna hem Aziýa yklymynyň 16 topary gatnaşar.

Koronawirus ýokanjy sebäpli bije çekiliş dabaralarynyň netijeleri barada AFK tarapyndan suratlar hem-de metbugat beýanatlary iberiler.

Şeýle hem bu çäreleri AFK-nyň resmi internet sahypasyndan göni ýaýlymda tomaşa etmek bolar.

Related posts

Ramosyň “Real Madrid” üçin 450-nji oýny

Ata Watan Eserleri

13 sekuntda oýunçy çalşyldy

Çempionlar ligasynda 1000 gola ýeten ilkinji topar