JEMGYÝET

Wladimir Putin: Türkmenistanyň Prezidentiniň strategik hyzmatdaşlygymyzy ösdürmek tagallalaryna ýokary baha berýäris

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin  Türkmenistanyň Prezidenti  Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady. Putin gutlag hatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek babatdaky tagallalaryna ýokary baha berýändiklerini belledi. 

Rus Lideriniň gutlag hatynda şeýle diýilýär:

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşiň ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegini dowam edip, dünýä giňişligindäki abraýyny barha pugtalandyrýar. Biz Siziň ýurtlarymyzyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen tagallalaryňyza ýokary baha berýäris. Biz Russiýanyň we Türkmenistanyň dostlukly halklarynyň, Merkezi Aziýada, Hazar sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegiň bähbidine ikitaraplaýyn hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça bilelikdäki işlerimizi dowam etdireris.

Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

 

Related posts

Ýeňijilere baýraklar gowşuryldy

vepa

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy ABŞ-nyň diplomaty bilen duşuşdy

Aşgabatda täze belgili awtobuslar halkyň hyzmatynda