JEMGYÝET

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Aleksandr Lukaşenkony doglan güni bilen gutladylar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz bu şanly günde Prezident Aleksandr Lukaşenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, gujur-gaýrat hem-de maşgala bagtyýarlygyny arzuw etdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Lukaşenko berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Related posts

Türkmen Lideri’nin kitabına Türkiye’de büýük ilgi

vepa

Hindi gyzynyň saçy 2 metr

vepa

Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi : Türkmenistanyň Prezidentiniň Täze kitaby