DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Gazagystanyň ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň hem-de Gazagystanyň daşary işler ministri M.B.Tleuberdiniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň çygrynda, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şu nukdaýnazardan, taraplar hökümetara hereketleriň, hususan-da Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gazak toparynyň ugry boýunça gatnaşyklaryň has hem giňeldilmegi babatynda ylalaşdylar.

 

08-nji fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Related posts

Özbegistanyň Prezidenti wise-premýer S. Berdimuhamedowy kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjan-Türkiýe-Pakistan üçtaraplaýyn sammiti geçirildi

BMG-den Türkmenistana hoş habar

Ata Watan Eserleri