JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanyň Baştutany bilen duşuşdy

Şu gün ýurdumyzda bir günlük sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy boldy. Bu barada Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Taraplar hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda bellenip geçilişi ýaly, geçen ýylyň netijelerine görä, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.  Häzirki wagtda Türkmenistanda maşyn gurluşygy we nebiti gaýtadan işlemek pudaklarynda Tatarstanyň birnäçe iri kompaniýasy wekilçilik edýär.

Rustam Minnihanow yslam dünýäsi bilen hyzmatdaşlygyň Tatarystanyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolmagynda galýandygyny belläp, Türkmenistan tarapyny “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum” forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

Related posts

Avusturya’ya Kutlama

vepa

Mustafa Kemal Atatürk Aşkabat’ta anıldı

vepa

Türkmenistan Afganistan’da cami inşa edecek

vepa

Leave a Comment