DÜNÝÄ

Türkmenistanyň halkara resminamalarynyň sanly kitaphanasy döredildi

Türkmenistanyň halkara resminamalarynyň sanly kitaphanasy döredildi. Halkara resminamalaryň sanly kitaphanasy Türkmenistanyň içerki we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny görkezýän maglumat çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Sanly kitaphana özünde birnäçe bölümçeleri jemleýär. Bu ýerde “Türkmenistanyň Bitaraplygy”, “Ekologiýa diplomatiýasy”, “Energetika diplomatiýasy”, “Medeniýet diplomatiýasy”, “Sport diplomatiýasy”, “Parlament diplomatiýasy”, “Ulag diplomatiýasy”, “Hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn formatlary”, “Parahatçylyk we howpsuzlyk” we “Türkmenistan – Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek ýolunda” atly bölümçeler ýerleşdirilipdir.

Täze maglumat çeşmesi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan döredilip, ol türkmen, iňlis we rus dillerinde hyzmat edýär. Bu resminamalaryň sanly kitaphanasyna  şu ýere basyp girip bilersiňiz. 

Bu kitaphana okyjysyna esasy halkara resminamalarynda öz beýanyny tapýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.

Related posts

Türkmen Lidere “Ahal Teke” atı hediye edildi

vepa

Gazak-fransuz uniwersiteti açylýar

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy