JEMGYÝET

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň internet saýty dörediler

Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat we Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde iş maslahatyny geçirdi. Onda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça metbugat wekili wezipesiniň “Bereketli toprak” gazetiniň baş redaktory Azat Jepbarowyň üstüne ýüklenilýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu işleri alyp barmak babatda birnäçe maslahatlary berdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň özüniň internet saýtynyň döredilmelidigini aýdyp,  Halk Maslahatynyň Başlygy onda Halk Maslahaty we onuň alyp barýan işleri, bu ugurdaky täzelikler baradaky maglumatlar öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň metbugat sekretary K.Çaryýardurdyýewe bu ugurda alnyp barylýan işleri döwrebap gurmagy we utgaşykly alyp barmagy tabşyrdy.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidentiniň Bakudaky sammitde eden çykyşy

Ata Watan Eserleri

A new issue of the International journal “Atavatan Turkmenistan” has been recently published

vepa

Türkmenistan bilen Serbiýa diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belleýärler

Leave a Comment