DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady dialogy we işewür hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.

Bu barada Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow özüniň “X” sosial torundaky hasabynda belledi.

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň bilelikdäki hökümetara toparynyň 9-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde Mikail Jabbarow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy.

“Biz Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda ykdysady dialogy we işewür hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini nygtadyk, energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdyk hem-de bilelikdäki işiň täze ugurlaryny kesgitledik” diýip, ministr belledi.

#Türkmenistan #Azerbaýjan #Ykdysadyýet #Hyzmatdaşlyk #Energetika #Sermaýa #MikailJabbarow #RaşidMeredow #Aşgabat #HökümetaraTopar #RegionalHyzmatdaşlyk

Related posts

BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary Halk Maslahatynyň Başlygyna hat iberdi

Türkiýe Respublikasy Türkmenistandaky saýlawlara ýokary baha berdi

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok diplomatik missiýasy tamamlady

Ata Watan Eserleri