BIZNES

Türkmenistanda täze gury ýük gämileri gurlar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew milli flotumyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, gämi gurluşygyny ösdürmek hem-de milli flotumyzyň parkyny kämilleşdirmek we giňeltmek maksady bilen, täze gury ýük gämilerini gurmak boýunça degişli çäreler görülýär. Munuň özi Hazar deňzinde döwletimiziň gämi gurluşyk mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, milli flotumyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmäge hem-de daşalýan ýükleriň möçberlerini artdyrmaga ýardam eder.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli deňiz flotunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de wise-premýere «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň işini kämilleşdirmek we önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Related posts

Polşada ýurduň taryhynda iň uly nebit we gaz käni açyldy

40 ýaşdan soñra telekeçilik ýoluna başlap, uly üstünlik gazanan adamlar

Ata Watan Eserleri

Içerki bazarda tüýjümek önümler ýerlenildi