DÜNÝÄ

Türkmenistan we Singapur hyzmatdaşlygyny berkidýär

Türkmenistanyň Daşary işler Ministriniň Gazagystan Respublikasyna halkara we döwlet ähmiýetli birnäçe çärelerine gatnaşmak maksady amala aşyrýan resmi saparynyň çäklerinde, 2022-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Singapuryň Premýer-ministriň edarasynyň Ministri Mohamad Maliki bin Osmanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklary ösdürmekde iň ýokary we ýokary derejedäki gatnaşyklaryň ähmiýeti, şeýle hem ozal amala aşyrylan saparlaryň netijeliligi bellenildi.

Taraplar halkara ähmiýetli we ikitaraplaýyn derejedäki hyzmatdaşlygyň, hususan-da bilim, oba hojalyk, ulag ulgamy, maýa goýum, energetika, nebit we himiýa ugurlaryndaky möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bulardan başga-da, häzirki zaman tehnologiýalar ulgamynda özara tejribe alyşmagyň mümkinçiliklerine hem seredildi.

Şeýle hem, iki ýurduň işewürler toparlarynyň özara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Related posts

Boks ýaryşy Hytaýdan Iordaniýa göçürildi

vepa

Merkezi Aziýa döwletleriniň goranmak ministrleriniň ilkinji duşuşygy Samarkantda geçirildi

Ata Watan Eserleri

Aleksandr Beglow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi

Leave a Comment