BIZNES

Türkmenistan Russiýadaky kärhanany polimer bilen üpjün eder

Russiýanyň Ust-Labinsk şäherinde täze açylan kärhana çig malyny Türkmenistandan alar ― diýlip, «livekuban.ru» saýty ýazýar.

Täze kärhana polipropilen önümçiligine niýetlenen. Türkmenistanda öndürilen polimer düwmeleri bu ýerde esasy çig mal bolup hyzmat eder.

Işiň ilkinji tapgyrynda bu kärhanada haltalaryň dürli görnüşlerini öndürmek meýilleşdirilýär. Kärhana bir ýylda 8,5 milliondan gowrak halta öndürip biler. Şeýle hem täze kärhanada polietilenden taýýarlanylýan beýleki önümçilikler hem göz öňünde tutulýar. Olar, esasan, oba hojalygy we gurluşyk senagaty üçin niýetlenen önümler bolar.

Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzda öndürilýän polimer we polipropilen gymmatly çig mal we taýýar önüm hökmünde dünýä döwletleriniň birnäçesine eksport edilýär. Bu gymmatly önümiň eksporty ýyldan-ýyla artmak bilen.

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

Related posts

Aralık maaşları 25 Aralık 2017 senesine kadar ödenecek

vepa

“Hugo Boss” markasynyň taryhy

Dünýäde iň uzyn Internet kabeli çekilýär

Ata Watan Eserleri