MEDENIÝET

Türkmenistan halkara “Turan” film festiwalyna gatnaşýar

Şu gün Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde halkara “Turan” film festiwaly öz işine başlaýar. Oňa Türkmenistandan  Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň wekili, režissýor Sahysalyh Baýramow myhman hökmünde gatnaşýar.

Şeýle hem Türkmenistandan birnäçe filmler “Gyzyl alma” şygary bilen geçirilýän festiwalyň çäklerinde kino muşdaklaryna görkezmek üçin hödürlendi.

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Kino baş müdirliginiň, TÜRKSOÝ halkara guramasynyň we Ege uniwersitetiniň bilelikde gurnaýan kinofestiwaly üçin 77 döwletden 1055 film hödürlendi.

Türki döwletleriň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen geçirilýän festiwalyň çäklerinde kinolaryň bäsleşigi, söhbetdeşlikler, surat sergisi, konsert maksatnamasy we beýleki birnäçe medeni çäreler göz öňünde tutulýar.

Bu festiwala hödürlenen filmler tejribeli emin agzalary tarapyndan seljeriler we kinolar 13 ugur boýunça degişli baýraklara mynasyp bolar.

 

Related posts

«Ýaňlan Diýarym!» telebäsleşiginiň Mary welaýat tapgyry geçirildi

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellener

Maýkl Jekson baradaky film rekord goýýar