JEMGYÝET

Türkmenistan bilen BMGÖM-niň arasynda täze ylalaşyklar gazanylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda:

  • Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrine “Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda daşky gurşawy goramak babatyndaky hyzmatdaşlyk boýunça Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama”;
  • Energetika ministrine “Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda elektrik energetika pudagyny durnukly ösdürmek babatynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama”;
  • Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygyna “Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda suw serişdelerini durnukly dolandyrmak boýunça Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama” türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

Related posts

Arkadag şäheri BMG-niň merkezi binasynda tanyşdyryldy

Arkadag şäherini 2024-2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy tassyklandy

Türk Lezzetleri Oscar Ödül Gecesinde

vepa