BILIM

Türkmenistan-ABŞ: bilim ulgamynda ähtnama gol çekiler

ABŞ-nyň Nýu-Meksiko uniwersiteti bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň arasynda göni wideoargatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu barada institutyň resmi saýtynda habar berilýär. Oňa iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen ABŞ-nyň Nýu-Meksiko uniwersitetiniň arasynda teklip edilen Özara düşünişmek barada Ähtnamanyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar şeýle hem Ähtnamanyň teksti geljekde ylalaşylan halatynda şu ýylyň 23-24-nji oktýabrynda ABŞ-nyň Albukerke şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dowamynda gol çekişmek mümkinçiliginiň boljakdygyny belläp geçdiler.

Related posts

Türkmenistanda ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň 190-sy hereket edýär

Täze sanaw : Türkiýeden 28 uniwersitet halkara sanawa girdi

Ata Watan Eserleri

Türkiýede mugt okasyň gelýärmi ? “Türkiye Bursları 2026” talyp haky maksatnamasy

Leave a Comment