SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenabatdan Moskwa 37-nji ýörite gatnaw

Şu gün özal habar berşimiz ýaly, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň gurnamagynda Moskwa-Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça nobatdaky ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy.
Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy tarapyndan gurnalan bu gatnawdan 170 ýolagçy peýdalandy. Şeýle hem berlen maglumata görä, bu gatnaw bilen Tükrmenistana 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlary üçin halkara synçylar topary Türkmenistana geldi.
Russiýanyň “S7” awaikompaniýasy tarapyndan amala aşyrylan bu gatnaw pandemiýa döwründe halkara uçar gatnawlarynyň wagtlaýyn togtadylan döwründe 37-nji gatnaw boldy.
Mälim bolşy ýaly, ozal hem habar berşimiz ýaly, soňky gezek Moskwa-Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça ýörite gatnaw 18-nji fewralda amala aşyrylypdy we ol 36-njy gatnaw boldy.
Şeýle hem häzirki pandemiýa döwründe ýörite gatnawlary amala aşyrýan ýene-de bir awiakompaniýa “Türkhowaýollary” kompaniýasydyr.
Bu kompaniýa hem şu gün Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnawyny ýerine ýetirýär.

Related posts

Maýmyn mama keseline garşy derman tapyldy

Ata Watan Eserleri

Ýurduň ilatynyň ýarysy maýmyn mamasyna garşy immunitete eýedir

Koronawirus üçin tabletka görnüşinde sanjym öndüriler

Ata Watan Eserleri