BIZNES

Türkmen işewürleri gazagystanly kärdeşleri bilen duşuşdylar

Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultan şäherinde «AgriTek/FarmTek Astana-2022» atly oba hojalyk ulgamynyň sergisi geçirildi. Oňa dünýäniň 11 döwletinden, şol sanda Türkmenistandan kompaniýalaryň jemi 200-si gatnaşdy. Bu barada “www.cci.gov.tm” saýtynda habar berilýär.

Serginiň barşynda türkmen işewürleri Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň Başkortostan Respublikasynyň täjirleri bilen duşuşyk geçirdiler.

Duşuşyklaryň esasy ugry hökmünde iş gatnaşyklaryny ösdürmek we başga döwletleriň işewürleri bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerine garaldy.

 

Döwletjan Ýagşymyradow nobatdaky tutluşygyna çykýar

Related posts

Halkara sergide 130-dan gowrak şertnama baglaşyldy

Bir gijede millioner boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenbaşydaky zawodda 4 milliondan gowrak nebit gaýtadan işlenildi