JEMGYÝET

Türkiýe Respublikasy Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmenistanyň doganlyk ýurdy hasaplanýan Türkiýe Respublikasy Türkmenistana täze ilçi belledi. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyňgol çeken resminamasy ýurduň resmi gazetinde çap edildi.

Habar berlişine görä, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky häzirki ilçisi Ahmet Demirok diplomatik wezipesini tamamlaýar. Onuň ornuna Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa döwletleri boýunça Baş müdiriň orunbasary Şener Jebeji bellendi.

Täze ilçiniň ozal Daşary işler ministrliginiň düzüminde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bagly işleri alyp barmagy, Türkmenistandaky wezipesinde onuň üçin ähmiýetli boljakdygy bellenilýär.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky häzirki ilçisi Ahmet Demirok 2024-nji ýylda wezipesine girişipdi. Ol geçen döwürde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak köp işleri alyp bardy we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik medaly bilen sylaglandy.

Related posts

Halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Arkadagymyz Prezident Ärdogany Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy