JEMGYÝET

Tomsuň esasy transferi: Azar “Realda”

Madridiň “Real” kluby “Çelsiden” Eden Azary satyn alandygyny resmi ýagdaýda mälim etdi. Bu hakda klubyň resmi saýtynda habar berildi.

Klub 28 ýaşly futbolçy bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Real” Azar üçin goşmaça tölegler bilen birlikde jemi 130 million funt sterling tölär. Bu bolsa klubyň taryhyndaky rekorddyr.

Azaryň Madriddäki tanyşdyryş dabarasy 13-nji iýunda bolar. “Çelside” 7 möwsüm çykyş eden futbolçy 352 duşuşykda 110 gezek tapawutlanyp, iki gezek Angliýanyň çempiony boldy.

Related posts

“Tagtlaryň oýuny” filmindäki meşhur aktýor aradan çykdy

Ata Watan Eserleri

Cumhurbaşkanlığı Seçimleri Basında Geniş Yer Aldı

vepa

Dünýädäki iň uly ýapyk şaglawuk

vepa