DÜNÝÄ

Tokionyň ilaty 14 milliona ýetdi

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäheriniň ilaty 14 million adama ýetdi diýip, «Nikkeý» gazeti habar berýär.

Neşiriň ýazmagyna görä, uniwersitetleriň we kompaniýalaryň köp bolmagy, ýurduň başga sebitlerine garanyňda zähmet hakynyň gowy tölenilmegi ýaşlaryň Tokio gelmegine sebäp bolýar. Hatda koronowirus pandemiýasy hem bu şähere «çozuşlygyň» öňüni alyp bilmedi.

Şu ýylyň 1-nji aprelinde şäheriň ilaty 13,98 million adama ýetdi. Aslynda, şäheriň ilatynyň 10 milliona ýeteli bäri 60 ýyla golaý (1962-nji ýyl) wagt bolup gelýär. Dört ýyldan soňra 11 million ýaşaýjysy bolan şäher indiki millionyna ýetýänçä 30 ýyl garaşmaly boldy.

Iýun aýynyň başynda bolsa bu ýerde ilat 14 million adama ýetdi.

Related posts

Eýranyň Prezidenti ýurduň paýtagtyny göçürmegi teklip etdi

GDA-nyň daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Putin Mişustini premýer-ministr wezipesine hödürledi